Nepal hökümeti köpçülikleýin protestler döräninden soň bir gije-gündiz hem geçmänkä sosial ulgamlardaky petigi aýyrdy diýip, "Roýters" habar berdi.
"Biz sosial mediadaky petigi aýyrdyk. Olar indi işleýär" diýip, aragatnaşyk we IT ministri Prithwi Subbu Gurunga aýtdy.
"Katmandu Post" 9-njy sentýabrda, komendant sagadynyň we petiklemäniň ýatyrylmagyna garamazdan, adamlaryň ýene köçelere çykandygyny habar berdi. Ýurduň premýer-ministri Khadga Prasad Şarma Oli, käbir habar beriş serişdeleriniň "Z nesil protestleri" diýip atlandyrýan garşylyklarynyň fonunda işinden çekildi.
Protestçiler parlament binasyna ot berdiler, premýer-ministriň öýüni we beýleki ýokary derejeli resmileriň öýlerini weýran etdiler, şeýle-de öňki premýer-ministr Şer Bahadur Deuba, onuň aýalyna, daşary işler ministri Arzu Rana Deuba we maliýe ministri Prasad Paudele hüjüm etdiler.