Aşgabatlylar üçin Hytaýdan ýüzlerçe awtobus satyn alyndy

Yutong ZK 6108 HGH

Aşgabatly ýolagçylar Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda bir hoş habar aldylar; paýtagta Hytaýyň “Yutong” kysymly awtobuslarynyň 700 sanysy getirildi, uzynlygy 12 metre barabar bolan döwrebap ulaglar ýakyn günlerde şäher ýaşaýjylaryna hyzmat edip başlar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Täze awtoulaglaryň hereketlendirijileri “Ýewro-5” ekologiýa ülňülerine laýyk gelýär, ýolagçylar ýol töleglerini sanly ulgam arkaly tölär.

Awtobuslar sürüjiniň işini we ulagyň hereketini gözegçilikde saklaýan intellektual dolandyryş wideogözegçilik ulgamy, howa sowadyjylary, GPS hem-de ýolagçy hereketlerini yzarlaýan tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan diýip, habarda bellenýär.

Mundan başga, awtobuslarda mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin hem amatly şertleriň döredilendigi aýdylýar.

Täze awtobuslaryň bahalary aýdylmaýar.

Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerde jemgyýetçilik ulaglary bilen üpjünçilik meselesi ýyllar boýy çözülmän gelýär.