Mary-Lebap demirýolunda iki ýük otlusy çaknyşdy, adam pidasy bolmady

Türkmenistanda demirýol otlusy (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda Mary we Lebap welaýatlaryny birleşdirýän demirýolda ýük daşaýan iki sany otlynyň çaknyşmagy netijesinde demirýol hadysasy ýüze çykdy. 4-nji sentýabrda bolan hadysada adam pidasy bolmady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy sentýabrda Türkmenabat şäherinden maglumat berdi.

“Marydan gelýän otluda nebit önümleri, Lebapdan gelýän otluda kükürt kislotasy hem-de dökün önümçiligine degişli bolan himiki maddalar bar eken. Otly hadysasynda kükürt kislotasyny saklaýan üç sany sisterna agdaryldy we kislota çöle döküldi” diýip, Türkmenabadyň himiýa kärhanasyndaky ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, wakada partlama ýa-da ölüm-ýitim hadysalary bolmady. Ýöne adatça bolşy ýaly çaknyşma nämäniň sebäp bolandygy barada ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Degişli maglumat Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär

Wakanyň netijesinde otly wagonlaryna we sisternalara, şeýle-de demirýola ýeten maddy zyýanyň möçberi hem nämälim bolmagynda gelýär.

Resmiler dymýar, ilat özara pikir alyşýar

“Çöle dökülen himiki kislotanyň tebigata ýetiren zyýany barada-da hiç zat aýdylmaýar. Umuman, otly hadysasy hakda aç-açan gürrüň edilmeýär. Emma ilat bu waka barada habarly we olar özara pikir alyşýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk waka barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligiwe “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň bu edaralaryň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Adatça bolşy ýaly waka barada ýurduň resmi media serişdelerinde hem hiç bir maglumat göze ilmeýän mahaly, çeşmelerimizi we otluda ýygy-ýygydan syýahat edýän türkmenistanlylaryň ençemesi demirýoluň Lebaby we Maryny birleşdirýän böleginiň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň ýaramazdygyna, demirýol reýsleriniň könedigine ünsi çekýär.

"Otly tizligi peselip, güýçli çaýkanýar"

“Mary-Lebap aralygynda otly öz tizligini peseldýär ýa-da çölüň ortasynda birnäçe gezek saklanýar. Şol sebäpli otly hemişe gijä galyp barýar. Şol aralykda otly güýçli çaýkanýar, kupe hem-de plaskartda ýatýan adamlaryň, gijelerine çaýkanýan otludan ýaňa ýykylýan ýagdaýlary hem bolýar” diýip, 9-njy sentýabrda Aşgabat-Mary-Lebap ýolagçy otlusynda Türkmenabada gelen ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenabatda awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan wagonlar agdy

Azatlyk ýük otlularynyň çaknyşmagyna demirýoluň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň ýaramaz bolmagynyň sebäp bolandygy ýa-da bolmandygy barada degişli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Reýsleriň çat açan bölekleri we aladalar...

Ýöne bellesek, Türkmenistanda otluda ýygy-ýygydan gatnaýan ýolagçylar ýurduň demirýol ulgamyndaky problemalaryň ýitileşýändigini aýdyp, onuň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň ýaramazlygyna mundan ozal hem alada bildiripdiler.

Geçen ýylyň noýabrynda raýatlaryň ençemesi demirýol reýsleriniň çat açan ýa-da onuň ýokarsyndaky galyň demir örtükleriň ýukalyp, bölünendigini görkezýän suratlary sosial torlarda paýlaşyp, bularyň ýolagçylar üçin howp döredýändigini aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar we ýurduň demirýollarynda ýüze çykýan otly hadysalary barada hem ilat köpçüligine maglumat bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň demirýollarynda bolýan hadysalar barada wagtal-wagtal habar berýärler.

2022-nji ýylyň martynda Türkmenabadyň Zerger otly stansiýasyna çagyl daşaýan 30 wagondan ybarat otlynyň bäş wagony reýsden çykyp, agdy. Habarçymyz şonda adam ýitgileriniň ýokdugyny, ýöne wagonlaryň käbiriniň tekerleriniň gopandygyny aýdypdy.

Degişli maglumat Maryda bir ýaşaýjy otlynyň aşagyna düşdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.