Rus goşuny 10-njy sentýabra geçilýän gije Ukraina 415 pilotsyz uçar we 43 raketa, şol sanda “Iskander-M” ballistik raketasy bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň howa güýçleri habar berdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus goşunlarynyň Hmelnitskiý sebitiniň Woloçiskde ýerleşýän tikin ussahanasyna hüjüm edendigini aýtdy. Häzire çenli üç adamyň ejir çekendigi belli boldy.
"Bu ruslaryň şu gün eden giň gerimli hüjüminiň diňe bir ýeri: dürli görnüşli 415 pilotsyz uçar we 40-dan gowrak ganatly we ballistik raketa [ulanyldy]. 15 sebitimize hüjüm edildi. Gynansak-da, hüjüm netijesinde Žitomir sebitinde bir adam wepat boldy" diýip, prezident aýtdy.
Žitomir sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Witaliý Buneçko bir adamyň ýaralanandygyny, birnäçe raýat kärhanasyna we hususy jaýa zyýan ýetendigini habar berdi.
Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň raýat we senagat infrastruktura desgalaryna uran zarbasy netijesinde, Winnitsiýada bir adam ýaralandy, 20-den gowrak ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi.
Döwlet gyssagly kömek gullugynyň halas edijileri Wolyn sebitiniň Lutsk etrabynda bir kärhanada rus hüjümi netijesinde turan uly göwrümli ýangyny söndürdiler. "Halas edijiler gelenlerinde ýangyn meýdany 1000 inedördül metrdi, olar birnäçe sagatlap işlediler. Ýangyn irden söndürildi" diýip, habarda aýdylýar.
Rus goşunlarynyň Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Ýarowaýa obasyna eden howa hüjüminde 20-den gowrak adam öldi diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 9-njy sentýabrda aýtdy we bu zarbany "aç-açan wagşylyk" diýip atlandyrdy.