Türkmenistanyň gündogar-demirgazyk welaýatlarynda häkimiýetler etniki azlyklaryň wekilleri bolan özbek bagşylarynyň we sazandalarynyň sosial ulgamlaryndaky sahypalaryna gözegçiligi güýçlendirdi. Häkimiýetler olardan öz sahypalarynda paýlaşýan maglumatlarynyň mazmunyny tas doly “türkmenleşdirmegi” talap edýärler. Bu talabyň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy sentýabrda Lebap welaýatynda maglumat berdi.
“Bu talaplar soňky aýlarda, hususan-da, awgust aýynda güýçlenip başlady. Milli howpsuzlyk ministrliginiň we häkimligiň işgärleri bagşylary we sazandalary çagyryp, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler” diýip, Lebap welaýat häkimligindäki çeşmämiz aýtdy.
Duşuşyklarda özbek azlyklaryndan bolan bagşylara we sazandalara sosial ulgamlardaky maglumatlarynyň mazmunynyň azyndan üçden iki böleginiň türkmen dilinde bolmalydygy duýdurylýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda etniki özbeklerden we täjiklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýärBu maglumatlary milleti özbek bolan türkmenabatly bagşylaryň we sazandalaryň birnäçesi hem tassyklaýar. Olaryň sözlerine görä, MHM we häkimlik işgärleri olara “mundan beýläk-de, sosial ulgamlardaky sahypalaryňyzda wideoşekilleri, maglumatlary paýlaşmak isleseňiz, onda bu talaby berjaý etmeli bolarsyňyz” diýipdirler.
"Milli özbek egin-eşiklerimizi geýip çykmak hem berk gadagan edildi"
“‘Özbekçe ýa-da täjikçe aýdymlary aňrybaş ýek-tük goýarsyňyz, galan kontentiň diňe türkmen dilinde bolmaly. Onsoňam muşdaklaryňa ýüzlenip, öz şahsy durmuşyňdan wideo çekeniňde-de, tutuşlygyna diňe türkmen dilinde gürle’ diýdiler. Netijede, ene dilimiz bolan özbek dilini hatda maşgalamyzda çekýän wideoşekillerimizde ulanmak hem gadagan edildi” diýip, türkmenabatly sazanda anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen milleti özbek bolan daşoguzly sazandalar we bagşylar hem ýüzbe-ýüz bolýarlar. “Internetde ýerleşdirýän wideolarymyzda özümiziň milli özbek egin-eşiklerimizi geýip çykmak hem berk gadagan edildi” diýip, daşoguzly zenan bagşy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada etniki özbekleriň köplük bolup ýaşaýan Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimliklerinden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 9-njy sentýabrda häkimlikleriň resmi web sahypasynda görkezilen telefon nomerlerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda etniki azlyklaryň wekillerinden türkmen däp-dessurlaryny berjaý etmek, türkmen milli eşiklerini geýmek we türkmen dilinde gürlemek talaplary köp ýyl bäri saklanyp galýar.
Degişli maglumat Lebabyň we Daşoguzyň “soňky jaň” dabaralarynda “millilik talaby” güýçlenýärTalaplar we çäklendirmeler...
Şeýle-de, olaryň öz däp-dessurlaryny berjaý etmek, ene dilinde bilim almak ýaly hukuklary çäklendirilýär. Olara toýlarda öz dillerinde aýdymlary aýtdyrmak gadagan edilýär. Bu gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň we talaplaryň ählisi dilden berlen tabşyryk esasynda amal edilýär.
Şu ýylyň aprelinde Türkmenistanda etniki özbeklerden we täjiklerden öz milli atlaryny dakmazlygyň talap edilýändigi barada maglumatlar gelip gowuşdy. Şonda lebaply çeşmelerimiz häkimiýetleriň özbek we täjik azlyklarynyň çagalaryna öz milli atlarynyň dakylmagyny gadagan edýändigini, olardan türkmen atlaryny ulanmagyň talap edilýändigini aýdypdylar.
Adam hukuklaryny goraýjylar şeýle talaplaryň etniki azlyklaryň medeni hukuklarynyň basgylanmagy bolýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň “jyns taýdan kemsitmäni ýazgarýandygyny we halklaryň arasynda özara düşünişmek syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny” aýdýarlar. Muňa garamazdan, ýurtda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri etnik sebäplere görä hukuklarynyň bozulmagyndan zeýrenýärler.
2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen Ilat ýazuwynyň netijelerine görä, etniki özbekler Türkmenistanyň umumy ilatynyň 9,1 göterimini emele getirýärler. Resmi statistikalara görä, ýurtda 642 müňden gowrak özbek ýaşaýar we olardan 470 müň adam öz ene dilini özbek dili hökmünde, 170 müň sanysy bolsa, öz ene dilini türkmen dili hökmünde kesgitleýär.
Degişli maglumat Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünäri boýunça 60 kwota bölünip berildiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.