Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gazanyň ýaşaýjylaryny Ysraýylyň esasy hüjüminden öň şäheri terk etmäge çagyrdy. Ol bu çagyryşy Goranmak ministrliginiň baş edarasynyň wideo habarynda etdi. “The Times of Israel” onuň aýdan sözlerini sitirledi.
Onuň sözlerine görä, soňky iki günde Ysraýylyň howa güýçleri 50 sany beýik binany - "terror diňlerini" ýykdy. Ol "terrorçylyk öýjükleriniň" hemmesiniň ýok ediljekdigini aýtdy.
"Bularyň ählisi häzirki wagtda Gaza şäherinde gurnalýan we toplanýan goşunlarymyzyň gury ýer operasiýasy üçin diňe giriş, diňe esasy intensiw operasiýa üçin başlangyç – diýip, ol, aýtdy. – Şu sebäpden men, pursatdan peýdalanyp, Gazanyň ilatyna ýüzlenýärin we meni üns bilen diňlemegiňizi haýyş edýärin: size duýduryş berildi. Ol ýerden çykyň!"
Ysraýylyň Goranmak güýçleri 8-nji sentýabrda Gazadaky beýik binalaryň biriniň urlandygyny habar berdi. Binanyň içinde, habar berilmegine görä, Hamas [ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy diýlip kesgitlenen] Ysraýyl goşunyna garşy terror hüjümlerini taýýarlamak we amala aşyrmak üçin harby infrastruktura döredipdir.