Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski ABŞ-dan Russiýanyň soňky howa hüjümine “berk” jogap bermegini soraýar


7-nji sentýabrda Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri
7-nji sentýabrda Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Kiýewe amala aşyran giň möçberli dron hüjüminden soň ABŞ-nyň “berk” jogap çärelerine çagyryş etdi. Bu hüjümde Moskwa 2022-nji ýylyň fewralynda başladan giň gerimli çozuşyndan bäri ilkinji gezek hökümet binasy nyşana alyndy.

“Bu günki hüjüme hyzmatdaşlaryň giňden jogap bermegi möhümdir. Biz Amerikadan berk jogaba garaşýarys. Häzir zerur bolan zat şoldur” diýip, Zelenski çykyşynda aýtdy.

Ol şeýle hem: “Russiýa has gödek hüjümler bilen Ukrainada agyry döretmäge synanyşýar. Bu ýagdaýyň özi [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň dünýäni synap görýändiginiň aýdyň alamaty. Ol dünýäniň muny kabul edip-etmejekdigini barlaýar” diýip belledi.

Zelenski halkara ýolbaşçylarynyň beýanatlarynyň diňe söz bilen çäklenmän, berk çäreler bilen berkidilmelidigini aýtdy: “Russiýa garşy sanksiýalar, Russiýa bilen baglanyşykly şahslara garşy çäklendirmeler, berk tarifler we söwda gadagançylyklary bolmaly” diýip, Zelenski sözüne goşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, mundan öň Putin hakynda birnäçe gezek hoşamaý pikirlerini aýdyp, onuň bilen “dostlugyny” nygtasa-da, soňky aýlarda Kremliň baştutanynyň ok atyşyklary bes etmekden boýun gaçyrmagyna we Zelenski bilen göni gepleşiklerden ýüz öwürmegine “berk nägilelik” bildirdi.

Tramp Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine edýän güýçli hüjümleriniň arasynda “Putinden gaty lapykeç” bolandygyny aýtdy. Ol täze sanksiýalaryň ýa-da paçlaryň girizilmeginiň mümkindigini ýaňzadýan hem bolsa, heniz bu ugurda resmi ädim ätmedi. 7-nji sentýabrda Tramp Moskwa garşy jezalandyryjy çäreleri girizmäge has ýakynlaşýandygyny aýtdy, ýöne jikme-jik maglumat bermedi.

Ak tamda bir žurnalistiň Trampdan “Moskwa garşy sanksiýalaryň ikinji tapgyryna” geçmäge taýynmy diýen soragyna, ol diňe: “Hawa, taýyn” diýip jogap berdi.

Waşington bilen Ukrainanyň Ýewropa hyzmatdaşlary eýýäm Moskwa garşy giň ykdysady çäklendirmeleri girizdiler.

ABŞ-nyň ýörite wekili Kit Kellog sosial ulgamda, Kremliň soňky ganly hüjüminiň “Russiýanyň bu urşy diplomatiki ýollar bilen tamamlamak isleýändiginiň alamaty bolmandygyny” aýtdy.

“Russiýa urşuň iň giň gerimli hüjüminiň çäginde Ukrainanyň Kiýewdäki Ministrler kabinetiniň edara jaýyny nyşana alyp, görnüşinden, urşy ýaýbaňlatmaga girişdi” diýip, ol belledi. Kellog mundan iki hepde ozal şol binada ukrain ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny hem ýatlatdy.

Ukrainanyň resmileriniň maglumatyna görä, 7-nji sentýabrda irden Russiýa 800-den gowrak dron we raketa atyp, rekord derejedäki giň gerimli hüjümi amala aşyrdy. Kiýewde iki köp gatly ýaşaýyş jaýynyň bölekleýin ýumrulmagy netijesinde azyndan dört adam heläk boldy.

Kiýewiň merkezinde ýerleşýän Ministrler kabinetiniň binasynda hökümet agzalarynyň edaralary ýerleşýär. Russiýa mundan ozal şäheriň iň berk goragly bu ýerindäki hökümet binalaryny nyşana almakdan gaça durupdy.

Forum

XS
SM
MD
LG