Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgünlik, ilatyň aglaba köplüginiň ýüzbe-ýüz bolýan güzeran kynçylyklary ýurtda kemala gelen ýaş ýigitleriň we gyzlaryň müňlerçesiniň ‘bagtynyň açylmagyna’ ýol bermeýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Ahal welaýatyndaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan adamlar sebitde öýlenip bilmeýän oglanlaryň sanynyň ýylsaýyn köpelýändigini, daşary ýurtlara işlemäge giden ogullarynyň gelmegine we öýlenmegine garaşýan ene-atalaryň gaty kändigini tassyk etdiler.
Ahal welaýatynyň hojalyklarynda maddy, pul ýagdaýlary pes adamlaryň köpelmegi netijesinde, kämillik ýaşyna ýeten ýigitler bilen bir hatarda, ýaşy 40-a golaýlan erkekleriň arasynda hem öýlenip bilmän galýanlar köpelýär, bu hiç kime, hatda döwlet ýolbaşçylaryna hem syr däl diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.
"Biz häzir öz iýjek çöregimizi alada edýäris"
“Häzir harby gullugy tamamlap, öýlerine dolanan ýaş oglanlaryň ata-enesine ‘gelin toýuňda oturaly, haçan ogluňyzy öýerjek, garyndaşlyk açmak üçin göz öňünde tutanyňyz barmy, ýa-da ogluňyzyň halaşýany barmy, özi tapmakçymy?’ diýip sorasaň, halkyň köp böleginiň berýän jogaby birmeňzeş bolýar, ýagny ‘biz häzir öz iýjek çöregimizi alada edýäris’ diýýärler.”
Onuň sözlerine görä, ogullary ýetişen adamlar “öýümiz köne, abatlaýyş işlerini geçirmeli, çagalar sogan gowrup, çörek bilen iýýär, gyşyna tomat gyzdyryp iýýäris, aňrymyza pul süýşenok, häzir toý etmäge ummasyz pul gerek, olam bizde bolmansoň, oglumyzy öýermegiň pikirinem edip bilemizok” diýýärler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda zähmet bazaryny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyp, 5-nji sentýabrda “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky” karara gol çekdi.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, bu konsepsiýada zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlendi. Ýöne häkimiýetler ýurtdaky agyr işsizligi, iş, gazanç umydyny ýitiren raýatlaryň çykalgany köplenç daşary ýurtlara gitmekde görýändiklerini agzamaýarlar.
“...ilki iş tapmaly, iş ýok, daşary döwletlere işe ugradyp, öz öýlenjek puluny jemlesin diýsek, ilki bilet almaga pul tapmaly. Ol pulam, biziňki ýaly kyn ýagdaýda ýaşaýan adamlar üçin, ummasyz kän pul bolup, aňsat tapdyrmaýar” diýip, harby gullugy tamamlap gelen ýaş oglanyň ejesi aýtdy.
"Ogullarymyň toýuny görmek nesip etmeýär..."
Uly ogly on ýyldan gowrak wagt bäri daşary ýurtda işleýän ýaşuly ilki goňşulara, garyndaşlara ‘oglumyz ýokary okuw jaýynda okaýar’ diýip, ilden kem görünmejek bolandyklaryny gürrüň berdi.
“Emma soň ýalan sözlänimiz belli boldy, uly oglum inilerinem çagyryp, öz ýanynda işlemäge alyp gitdi. Onuň Türkmenistandan çykyp gidenine 10 ýyldanam köp boldy, ýakynda 40 ýaşy doldy, yzyndaky jigilerem 30-dan geçdi. Häzirlikçe, ogullarymyň biriniňem toýuny görmek nesip etmedi. Olar işläp, öýe pul ugradýarlar. Emma ‘öýlenjek, toýa taýýarlyk görýärsiňizmi, oňatja gyz barmy?’ diýen ýaly ýekeje-de gep açmaýarlar” diýip, ahally ata aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ‘haçan gelersiňiz, bizem bu dünýeden ötmänkäk öz perzentlerimiziň toýuny görsek, agtyk söýsek’ diýse, uly ogly ‘entek işläli, pul gazanaly’ diýip jogap berýär, kiçi ogullary bolsa, ‘entekler baryp bilmeris, gaýtam sizem alyp gaýtmaly, ol ýaşap oturan öýümizem satmaly we göçmeli, biz gaty garyplykda ýaşaýarys’ diýýärler.
Azatlygyň çeşmeleri häzir “gaty köp hojalygyň ýaşap oturan jaýlaryny tutuşlygyna satýandygyny” aýdýarlar. Emma bu aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýar.
Adamlar jaýlaryny satýarlar
“Mundan 5 ýyl öň adamlar ýaşap oturan melleginiň ýarysyny satardy, biz şonda geň görerdik. Indi tutuş öý goşlaryny, jaýyny, mellegini satyp, daşary döwletlere hemişelik gitjek diýýänler köpeldi. Ilden gözlemäýin, meniň 3 üç oglum bar, emma olar daşary ýurtda, yzyna, Türkmenistana gelmek islemeýärler, ogul perzentli boldugym däl. Körpäm gyz, onuň bagty açyldy, durmuşa çykardym, häzir ýaşamaga öýleri ýok. Gyzym giýewim bilen kwartirant bolup, aç, hor bolup ýaşady. Men olary ýanymyza getirdim” diýip, bir ene aýtdy.
Onuň sözlerine görä, giýewisi indi ogullarynyň her aýda iberýän puluna bil baglap, hiç ýerde işlemeýär we, eger ‘senem git, işle’ diýilse, ‘menem gitsem gelmerin, gyzyň dul galar’ diýip jogap berýär.
Şeýle-de, ogullary gelmeýän ene gyzy bilen giýewisiniň indi mellek, ýer dawasyny edýändigini, propiska üçin berilmeli parany hem daşary ýurtlardaky ogullarynyň ibermegini isleýändigiklerini aýtdy.
Türkmenistan maglumat üçin ýapyk bolansoň, daşary ýurtlara giden we yzyna gelmeýän raýatlaryň anyk sany, kämillik ýaşyna ýeten ýaşlaryň arasynda 30, 40 ýaşap öýlenmeýän, durmuşa çykmaýan raýatlaryň näderejede köpelendigi, bu ýagdaýyň ilat sanynyň ösmegine näderejede täsir ýetirip biljekdigi barada anyk bir zat aýdyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum